Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 3-nji iýunda ýurduň Russiýa bilen serhetdeş Sumy sebitinde amala aşyrylan we üç adamyň ölümine, azyndan 20 adamyň bolsa ýaralanmagyna sebäp bolan howa hüjümleriniň yz ýany, Russiýany ýene-de parahat ilaty “bilkastlaýyn” nyşana almakda aýyplady.
“Russiýalylar Sumy şäherine we onuň köçelerine artilleriýa toplary bilen wagşyçylykly zarba urdylar. Bu hüjüm parahat ilata garşy doly bilkastlaýyn amala aşyryldy” diýip, Zelenski sosial ulgamyndaky beýanatynda aýtdy.
Kreml Zelenskiniň aýyplamalaryna häzirlikçe jogap bermedi, ýöne Russiýa Ukrainanyň raýat desgalarynyň bilkastlaýyn nyşana alynýandygy baradaky aýyplamalary ozalam birnäçe gezek ret edipdi.
Soňky hepdelerde Russiýanyň goşuny Sumy sebitinde harby hereketlerini güýçlendirdi. Bu ýagdaý prezident Wladimir Putiniň Russiýanyň serhetýaka regionlaryny hüjümlerden goramak üçin, Ukrainanyň territoriýasynda “howpsuzlyk zolaklarynyň” döredilmegini tabşyrmagyndan soň bolup geçýär.
Russiýa Sumy sebitinde birnäçe obany eýeländigini aýtdy we 3-nji iýunda Andriýiwka obasynyň öz gözegçiligine geçendigini öňe sürdi. Ukraina häkimiýetleri, Russiýanyň tomusky hüjüme taýýarlyk görýändigini öňden bäri duýduryp gelýär, ýöne Andriýiwkanyň ýitirilendigini entek tassyklamady.
Sumy sebitiniň ýerli ýolbaşçylary hüjümde köp gatly ýaşaýyş jaýyna, üç sany şahsy öýe, bir ammara, bir garaža we keselhana binasyna zeper ýetendigini aýtdylar.
“Ýaralananlaryň arasynda 17 ýaşly ýetginjek hem bar. Käbir adamlaryň ýagdaýy agyr” diýip, sebitiň häkimi Oleh Hryhorow mälim etdi.
Ukrainanyň Odesa port şäherinde hem partlamalaryň sesi eşidildi diýip, ýerli media serişdeleri habar berdiler. Ýöne bu barada goşmaça maglumat berilmedi.
3-nji iýundaky hüjümler Ukraina bilen Russiýanyň Stambulda geçiren ikinji parahatçylyk gepleşikleriniň ertesi güni amala aşyryldy. Bir sagatdan gowrak wagt dowam eden gepleşikleriň netijesinde taraplar uly möçberli ýene bir harby ýesir alyş-çalşygyny geçirmek barada ylalaşdylar, ýöne beýleki meseleler boýunça öňegidişlik gazanylmandy.
Mundan ozalky gün, Ukrainanyň Russiýanyň uzak aralyga uçýan onlarça bombalaýjy uçarlaryna dronlar bilen hüjüm edendigini mälim edeninden soň, gepleşiklerden garaşylýan netijeler has-da azaldy.
Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly we iň ganly konflikti togtatmak üçin geçirilen gepleşiklerde taraplaryň ikisi hem parahatçylyk şertleriniň we ýaraşygyň mümkin şertleriniň umumy ýörelgelerini beýan edýän memorandumlarynyň taslamalaryny hödürlediler.
Forum