Aşgabatda bahar we tomus aýlarynda howanyň maýlap, daşarda çadyr gurap, toý-märeke edýän raýatlaryň köpelmegi bilen, köçelerde guralýan göçme hajathanalaryň sany hem göz-görtele artdy.
Ýerasty lagym turbalarynyň üstündäki çoýun gapaklar açylyp, olaryň ýokarsynda guralýan wagtlaýyn hajathanalar ýaşaýjylarda, şol sanda sürüjilerde nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji iýunda paýtagtdan maglumat berdi.
“Aşgabadyň ýaşaýyş toplumlarynda hojalyklaryň märeke çagyryp, iki-üç, käte-de dört günläp ýoly ýapyp, üýşmeleň etmek däbi giňden ýaýrady. Munuň çäginde üýşmeleň edýän ýaşaýjylar çadyr gurap, lagym suw turbalarynyň üstündäki çoýun gapagy açyp, onuň üstünde wagtlaýyn göçme hajathana külbesini oturdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Çagyrylan myhmanlaryň tebigy hajatlaryny berjaý etmegi üçin niýetlenen hajathanalara Berkararlyk etrabynyň Hitrowka, Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak, Herrikgala, Ýasmansalyk, Şor we Garadamak ýaşaýyş toplumlarynda ýygy-ýygydan duş gelse bolýar.
"Sürüjiler paýyş sözleri aýdýarlar"
Ulag geçýän köçeleriň köplenç ortarasynda guralýan hajathanalar ulag, şeýle-de hususy awtobuslaryň we mikroawtobusalaryň sürüjileriniň köpüsinde nägilelik döredýär. Olar göçme hajathanalar zerarly, käte köçelerden asla geçip bolmaýandygyny aýdýarlar.
“Käte-de, ulagyň ýarysyny ýanýodadan sürüp geçmeli bolýarys. Munuň ulaga zyýan ýetirýän halatlary hem bolýar. Awtobuslar we mikroawtobuslar bolsa, diňe aýlaw ýollar bilen geçmeli bolýarlar. Sürüjiler ýoly ýapýanlara köplenç paýyş sözleri aýdýarlar” diýip, paýtagtly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Göçme hajathanalar ýaşaýjylaryň köpüsinde hem alada döredýär. Olar munuň ne howpsuzlyk, ne-de arassaçylyk kadalaryna gabat gelýändigini belleýärler.
"Toý paý alýan häkimiýet wekilleri dymýar"
“Ýerasty lagym suw turbalarynyň geçýän çukuryna hajathana zerurlyklaryny berjaý etmek näderejede dogry?! Üstesine-de, çukuryň agzy örän uly, oňa adamlar, şol sanda çagalar hem gaçyp bilýär” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýa häkimiýetleriň, şol sanda ýerli polisiýa we Öý dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň hem hiç hili çäre görmeýändigini belleýär.
“Bu edaralaryň işgärlerine iýmäge toý paý, azyk berilýär. Olar toý paýyny höwes bilen alyp, ýaşlar “bagtly bolsun” ýa-da “sadakaňyz kabul bolsun” diýip aýdýarlar we ýaşaýjylaryň göçme hajathanalar barada edýän şikaýatlaryny görmezlige salyp geçýärler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Ýöriteleşdirilen göçme hajathanalaryň "ýoklugy"...
Aşgabatly synçylaryň birnäçesi bu ýagdaýlara Türkmenistanda, dünýäniň ösen ýurtlarynda bolşy ýaly, ýöriteleşdirilen göçme hajathanalaryň tas ýok bolmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.
“Bu hajathanalar tapdyranda hem, olaryň bahasy aşa gymmat bolýar. Ilatda lagym howzuna turba çekip, çatmak mümkinçiligi bolmansoň, olar iň aňsat usuly, ýagny çoýun gapaklary açyp, üstünde wagtlaýyn hajathana oturtmagy saýlap alýarlar. Hökümet hem bu ýagdaý bilen ylalaşýan ýaly bolup görünýär” diýip, aşgabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalan etraplaryň polisiýa bölümlerinden we etrap häkimliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda raýatlaryň köçelerde hajathana zerurlyklaryny berjaý etmek mümkinçiligi, şol sanda ýöriteleşdirilen göçme hajathanalaryň ýetmezçiligi bilen bagly meseleler, häkimiýetler tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin medeni çärelerde hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Mart aýynda Ahal welaýatynyň merkezi şäheri Arkadagdaky ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşan talyplaryň ençemesi 12 sagatlap çöreksiz, suwsuz saklanandyklaryny, hajathana zerurlyklaryny açyk meýdanda berjaý etmeli bolandyklaryny gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum