Türkmenistanly Umyda Bekçanowanyň 29-njy maýda Stambulda raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan saklanyp, soňra deportasiýa merkezine ugradylandygyny garaşsyz neşir Türkmen.news aktiwistiň egindeşlerine salgylanyp, 31-nji maýda habar berdi.
Tanymal bloger Umida Bekçanowanyň häzir Stambulyň deportasiýa merkezleriniň biri bolan "Çatalca İnceğiz Geri Gönderme Merkezi" atly edarasynda saklanýandygyny onuň egindeşi Azatlyk Radiosyna 2-nji iýunda Türkiýeden habar berdi.
"Häzirki pursatda 'Çatalca İnceğiz Geri Gönderme Merkezinde' saklanýar. Aklawçylar ýanynda barypdyr. Azyrak gorkupdyr, ýöne saglyk ýagdaýy gowy. Ir sagat 9-da Umida Bekjanownyň özi bilen gürleşip bildim" diýip, türkmen aktiwisti Umyt Kuzubaýew aýtdy.
Ol Umidanyň saklanýan şertleri barada hem gürrüň berendigini aýtdy:
"Umidanyň beren gürrüňine görä, ýatara ýer ýok. Bir otagda 15-20 adama ýer bar diýdi. Ýöne 1200 orunlyk aýallaryň saklanýan ýeri ekeni. Ýene ünsümi çeken ýeri, birje-de türkmen hem ýok şol ýerde. 'Ýekeje men bar' diýýär".
Kuzubaýewiň sözlerine görä, aklawçylar Bekjanowanyň Türkmenistana ugradylmagynyň öňüni almak üçin sud arkaly çäre görmäge synanyşýarlar.
Umida Bekjanowa Türkmenistandaky problemalar barada açyk çykyş edýän türkmen blogerleriniň biri. Ol türkmenistanlylaryň arasynda meşhur HSM Habarlary Telegram kanalynyň hem-de HSM we TAGA YouTube kanallarynyň awtory we redaktory.
Garaşsyz Turkmen.news neşiri Umyda Bekjanowanyň tussag edilmegine degişli çap eden maglumatynda zenanyň özlerini polisiýa işgärleri hökmünde tanadan raýat eşikli adamlar tarapyndan ele salnandygyny habar berip, Şwesiýada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Halmyrat Soýunowa salgylandy.
Halmyrat Soýunow Umida Bekçanowanyň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:
"29-njy maýda giç oýlän Umidanyň ýaşaýan oýüne Stambulda graždan eşikli adamlar gelipdir we özlerini polisiýa diýip tanadypdyr. Ýöne Umidanyň özi öýde ýok, gelni bar eken. Gelen adamlar gelnini gyssapdyrlar, 'sen Umidany tapyp ber, bolmasa seni alyp gideris, deportasion lagere äkideris, basarys', diýip gorkuzypdyrlar we 'şol gelsin, aýt' diýipdirler. [Umida] barýar, ýaňky polisiýa ony tutup alyp gidýär. Biz bolsa, onuň alnyp gidilen sagadyndan iki sany adwokat herekete girizildi. Bäşinji güni adwokatlar onuň haýsy deportasion lagerinden saklanýandygyny bildiler we onsoň adwokalar işi suda geçirmek barada ýüz tutupdyrlar".
Halmyrat Soýunow blogeriň tussag edilmeginiň sebäbi syýasy matlaply diýip, hasap edýär.
"Meniň görýän zadym, onuň ynsan hukuklary boýunça edýän çykyşlary. Türkmenistanyň konstitusiýasyny maddama-madda okap, halkymyza düşündirip çykyş edip otyr. Onsoň hem ýörite websaýty bar Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň arkalaşygy diýip, ine şonuň ýolbaşçysy. Ine, şeýle aktiw zenan. Şonuň hereketi üçin aňyrda bir ogluny türmä basdylar, eje elini işden çeksin diýip, beýleki ogluny urup, elektroşoker bilen gynapdyrlar".
Umida Bekçanowanyň tussag edilmegine adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan aladalanma bildirildi.
Human Rights Watch guramasynyň wekili Reýçel Denber Umida Bekçanowa barada gyssagly habar ýaýratdy.
"Türk häkimiýetleri, türkmen blogçysy/aktiwisti Umida Bekjanowany Stambuldaky howa menziline äkitdi we ony zor bilen ekstradisiýa etmegi ähtimal, onuň ol ýerde syýasy matlaply tussaglyga we gynamalara sezewar edilmegi mümkin. Bu bes edilmeli!" diýip, Denber 1-nji iýunda X hasabynda ýazdy.
Türkiýede kanun esasda ýaşaýan türkmen oppozisiýa aktiwisti Umida Bekçanowa Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy bilen öň hem ýüzbe-ýüz bolupdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Bekçanowa özüniň Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsadynyň dört aý ozal ýatyrylandygyny bilip galypdyr. Oňa bu barada bankdan habar gelipdir, emma migrasiýa düzgünine degişli bu wajyp habar barada daşary ýurtly raýata resmi görnüşli habar wagtynda ýetirilmändir.
Umida Bekçanowa birnäçe ýyl bäri Türkiýede kanuny esasda ýaşaýar we zähmet çekýär. Türkmenistandaky problemalar barada açyk çykyş edýän bloger zenana näbelli adamlardan tarapyndan birnäçe gezek haýbat hem atylypdy.
Türkmenistanyň hökümetini açyk tankyt edýän türkmen raýatlary soňky iki ýyl bäri Türkiýede yzly-yzyna basyşa sezewar bolýar. 2023-nji ýyldan bäri ençeme türkmenistanly Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.
Ýene iki sany türkmen blogeri 28-nji aprelden bäri Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýar.
Ankaranyň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow Türkiýede kanun esasynda ýaşaýan hem bolsalar, bir günde tussag edildi we Ankaranyň deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum