Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pilotsyz uçar hüjüminden soň Ukrainadan uzakdaky ruslar 'indi uruş bize-de ýetdi' diýýär.


1-nji iýunda Russiýanyň birnäçe sebitinde ençeme bombalaýjy uçary ýok etmek boýunça pilotsyz uçar hüjümleri amala aşyryldy.
1-nji iýunda Russiýanyň birnäçe sebitinde ençeme bombalaýjy uçary ýok etmek boýunça pilotsyz uçar hüjümleri amala aşyryldy.

Ukraina, Russiýanyň dürli künjeklerinde uzak aralykdan ençeme bombaly uçar hüjümlerini amala aşyrdy we munuň üçin ulanylan pilotsyz uçarlaryň ýük awtoulaglarynda gizlin ýurda getirilendigini aýtdy.

Üç ýyldan gowrak wagt bäri Russiýanyň köp bölegi Kremliň Ukrainada alyp barýan basyp alyjylyk urşuna syn edýär.

Ukrainanyň pilotsyz uçarlaryny Russiýa gizlin getirip, 1-nji iýunda uzak aralykdan onlarça bombalaýjy uçarlary ýok etmek boýunça amala aşyran hüjüminden soň, käbirler indi urşuň öz gapysyna ýetendigini aýdýarlar.

Irkutsk, Murmansk, Rýazan we Iwanowo sebitlerinde pilotsyz uçarlar howa bazalaryna zarba urup, rus häkimiýetlerini we raýatlaryny haýran galdyrdy.

"Bu hakyky dowzah ody" - diýip, Irkutsk sebitiniň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň Sibir.realii proýektine gürrüň berdi.

Sibirde 4000 km uzaklykda ýaşaýan ýaşaýjylarda bu ýagdaý sarsgyn döretdi.

"Indi uruş bize-de ýetdi" - diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Ukrainanyň Gizlin gullugy (SBU) Russiýanyň dürli künjeklerinde uzak aralyga niýetlenen bombaly uçarlaryň onlarçasyny ýok etmek üçin pilotsyz uçarlaryň ýük awtoulaglarynda ýurda getirilip, soňra bolsa buky ýerlerden uçurylandygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý bir ýarym ýyldan gowrak wagtlap taýýarlanan bu hüjümleri operasiýanyň "ajaýyp netijesi" diýip atlandyrdy.

Şaýatlaryň sözlerine görä, pilotsyz uçarlar R-255 "Sibir" awtoulag ýolunda saklanan awtoulagdan uçurylypdyr. Bu maglumatlary sebitiň gubernatory Igor Kobzew tassyklady we munuň Sibirdäki ilkinji pilotsyz hüjümdigini aýtdy.

Irkutsk sebitiniň Sredniý obasyndaky Belaýa harby bazasynda pilotsyz uçar hüjümi azyndan bir ýarym sagat dowam edip, bir şaýatyň sözlerine görä, azyndan bir ýük uçaryny ýok edipdir.

"Men tutuş wakany dürbi arkaly synladym - bu hakykatdanam gorkunç bir zatdy" - diýip, özüni Roman diýip tanadan şaýat, gürrüň berdi.

"Ilki bilen partlamanyň sesini eşitdik we ullakan tüsse sütünini gördük. Ilki bilen ýene bir uçar heläkçilige uçrady öýtdüm - iki aý ozal bu howa meýdançasynda bir bombaçy uçar ýykyldy" diýip, şaýat aýdýar.

"Soňra men dört sany güýçli partlamany anyk gördüm. Sebäbi olaryň hersinden soň çal tüsse çykyp başlady ... Ulag uçaryna baryp degende ähli howa meýdançasyny ot alan ýalydy".

Russiýanyň Irkutsk sebitinde ukrain pilotsyz uçarlaryň howa hüjüminden soň tüsse çykýar.
Russiýanyň Irkutsk sebitinde ukrain pilotsyz uçarlaryň howa hüjüminden soň tüsse çykýar.

Howa meýdanynyň golaýyndaky Buret şäherinden başga bir şaýat şeýle gürrüň berdi: "Öýümiz partlama tolkunyndan birnäçe gezek titredi."

1-nji iýunda bolan hüjüm Russiýanyň harby we aňtaw gulluklary üçin ýene bir uly masgaraçylyk hasaplanýar, sebäbi bu Ukrainanyň birnäçe aý bäri Russiýanyň içinde gizlin we kiçi göwrümli kampaniýany alyp barýandygyny görkezdi.

Kiýew ýangyç ammarlary we turbageçirijiler ýaly desgalara pilotsyz uçarlaryň we mümkin ýörite güýçleriň ulanylmagynda geçirilýän hüjümleri adatça boýun almaýar. Olar köplenç Ukraina-Russiýa serhedine ýakyn sebitlere gönükdirilýär.

1-nji iýunda bolan pilotsyz hüjümler baradaky habar Russiýanyň günbataryndaky demir ýol infrastrukturasynda dörän we azyndan 8 adamyň ölmegine sebäp bolan weýrançylykdan iki sagat soň geldi.

Russiýanyň Braýank sebitinde ýumrulan köpri we weýran bolan otly
Russiýanyň Braýank sebitinde ýumrulan köpri we weýran bolan otly

31-nji maýda Brýanskda we 1-nji iýunda irden Kurskda bolan iki wakanyň arasynda baglanyşygyň bolup-bolmazlygy belli däl. Milli Derňew Komiteti has jikme-jik maglumat bermezden, "bikanun gatyşmak" aýyplamasyny öňe sürdi.

Irkutskda Kobzew sebitiň ýaşaýjylaryny köşeşmäge çagyrdy, ýöne käbirler uruşdan ýadandygyny aýdýarlar.

"Uruş dördünji ýylynda, bäşinji ýylda näme bolar? Nädip söweşmelidigini, parahatçylyk gazanmagyny bilmeýärsiňiz, özüňizi masgara etmäň" - diýip, özüni Marina diýip tanadan zenan aýtdy.

Pilotsyz uçarlar Russiýanyň Murmansk sebitine hüjüm etdi
Pilotsyz uçarlar Russiýanyň Murmansk sebitine hüjüm etdi

Beýlekiler, eger bir ýük awtoulagyny ýurda sürüp, getirmek we soňra ony operasiýa üçin ulanmak bolýan bolsa, munuň soňky hüjüm bolmajagyny çak edýärler we häkimiýetleriň howpsuzlygy saklamak ukybyna şübhelenip başlaýarlar.

"Nädip? Bu nädip mümkin bolýar? Bu ýük awtoulaglaryny nädip goýberdiler? Soraglar kän" - diýip, özüni Swetlana diýip tanadan zenan aýdýar.

Murmansk sebitinde gubernator Andreý Çibis pilotsyz uçarlaryň hüjümini tassyklady, olar hem Olenegorsk şäheriniň golaýynda saklanan awtoulagdan uçuryldy.

Sebitli şaýatlar howa bazasynda azyndan 10 partlamany görendiklerini Azatlyk Radiosynyň Sibir.realii proýektine gürrüň berdiler.

"Uruş Olenegorskda hem başlandy. Partlama zerarly tokaýyň aňyrsyndan tüsse çykýar" - diýip, ýerli şaýat gürrüň berdi we pilotsyz uçarlary getiren ýük awtoulagynyň sürüjisiniň polisiýa tarapyndan tussag edilendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG