Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugy (SBU) ýurduň ýörite gullugy tarapyndan geçirilen operasiýanyň netijesinde Krym köprüsiniň (Kerç köprüsiniň) suw astyndaky bir direginiň partladylandygyny mälim etdi. Gulluk 3-nji iýunda irden bolup geçen partlamanyň wideosyny hem çap etdi.
“Suwuň düýbündäki direglere uly zyýan ýetdi, muňa 1 müň 100 kilogramlyk partladyjy serişde sebäp boldy. Häzirki wagtda köpri heläkçilik ýagdaýynda” diýip, SBU-nyň habarynda bellenýär.
Şeýle-de bolsa, bu habaryň çap edilen wagtynda Russiýanyň Krasnodar kraýy bilen anneksiýa edilen Krymy birleşdirýän Krym köprüsi boýunça ulag hereketi açykdy.
3-nji iýun irden köpri takmynan üç sagatlap ýapyldy. Emma bu çäklendirmäniň sebäbi aýdylmady. Köplenç beýle ýagdaýlar dron ýa-da raketa hüjümi howpy sebäpli ýüze çykýar.