Türkmenistanyň günorta welaýatlarynda iri şahly mallaryň keselden gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy. Çopanlaryň, mal eýeleriniň Azatlyga aýtmagyna görä, sygyrlaryň agzyna ýara bitýär we olar ýöräp bilmeýär. Weterinar lukmanlar kömek edip, bolmajagyny aýdýarka, adamlar kesele garşy göreşmek üçin mollara doga-dileg okatmak ýaly çärelerden hem çekilmeýärler.
Soňky aýlarda sygyrlarda döreýän we birmeňzeş alamatlar bilen geçýän keselçilikden ölýän mallar köpelýär, weterinariýa lukmanlary bu kesele garşy göreşip, oňyn netije bilen mallary halas edip bilmeýändigini aýdýarlar.
"Adamlar weterinariýa gulluk işgärlerine bil baglaýarlar, emma mallar gyrylýar. Mal syrkawlanda agzynyň içini ýara tutýar, aýaklarynda dabanlary jaýrylyp ýara tutýar. Mallar hiç zat iýip, içip bilenok, ýöränlerinde agsap aýaklaryny ýere basyp bilmän ýöremekçi bolýar. Bul näme kesel we öňüni nädip alyp bolýar? Mallary keselden bejermek üçin çözgüdi ýokmy diýip sorasaň, lukmanlar bu agsal keseli ol howadan ýokuşýar diýýärler" diýip, çopan gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çopanlaryň we mal eýeleriniň aýtmagyna görä, hassalyk birden ýüze çykýar we hatda ýatakda saklanýan we diňe iýim berlip, bakylýan mallarda hem döreýär. Öri meýdanlarda otlaýan mallarda bolsa, bu kesel tiz ýaýraýar.
Gurban baýramynyň öňýanyna gabat gelen mal hassalygy etiň bahasynyň gymmatlamagyna täsirini ýetiripdir, emma şol bir wagtda-da, mal söwdasyny gowşadypdyr.
"Häzir iri malyň etiniň 1 kilogramy 76 manada, käbir ýerlerde 80 manada çykdy, sygyr etiniň bahasynyň 100 manatdan aşyp bilmeginden adamlar alada edýärler. Emma häzirki gün mal bazarlarda uly mal söwdasy gaty haýallady. Munuň sebäbi, häzir adamlar mal satyn almaga gorkýar, 1 maly arzan aldym, ýagny 7 müň manatlyk maly 5 müň manada satyn aldym diýip, begenip hojalygyna getiren adamynyň maly ertesi ölýär. Şeýle ýagdaýlaryň köpelmegi adamlary uly mal söwdasyndan çetleşdirdi" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.
Şeýle-de, mallaryň arasynda ýüze çykan keselçilik hassa mallaryň etiniň satuwda peýda bolmagynyň ähtimallygy bilen bagly aladalanmalaryň ilat arasynda köpelmegine getirdi.
"Häzirki wagtda mal satyn alýanlar etden azyk önümlerini taýýarlaýan zawodlar, ýagny kolbasa öndürýän sehler, gowurdak gaýnadyp satýanlar we paýtagt Aşgabada et daşaýanlar. Olar mal satyn alýarlar we soýup etini satýarlar" - diýip, maldar aýdýar we ol öz hojalygynda mal köpeltmekçi bolýan adamlaryň häzir mal satyn almakdan saklanyp, Gurban baýramynyň sowulmagyna we keselçiligiň aýrylmagyna garaşýandygyny belleýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan maldarlaryň sözlerine görä, ilat köpçüligi mallaryny halas etmek üçin özüçe ýol gözlemeli bolýar.
"Weterinar işgärleriniň arasynda biz indi näme em etjegimizi bilmeýäris diýip, el çekip gidenler boldy. Weterinar işgäriniñ biri häzir iň gowy derman spirt diýip maslahat berýär. Ol mallaryň aýagyndaky ýarasyna spirt sepiň, agzynyň içine spirt sepiň, burnynyň daş ýüzine spirt sepiň diýdi" diýip, çopan aýdýar.
Käbirler mallaryň ýaralaryna spirt sepmek ýaly usuly saýlaýan bolsalar, doga-dileg etdirmek üçin mollalara ýüz tutýanlar hem bar.
"Käbir adamlar mal ýatagyna ýüzärlik tütetdi, peýda bolmady. Käbirler molla getirip, Gurhandan aýat okadyp ýataga çüfletdi. Ondan hem peýda bolmady" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.
Mallary gyrylan oba ýaşaýjylarynyň ýene biri adamlaryň uly maddy zyýan çekendigini belläp, keselçiligiň ýygy-ýygyndan ýüze çykmagynyň maldarlary örän gynaýandygyny aýtdy.
"Mallary keselden ölen hojalyklar gaty kyn günde galdy. Biziň barja baýlygymyz mal olaram yzygiderli haram ölýär. Weterinariýa gulluk işgärleri kömek bermegi başaranok. Her gelenlerinde ençeme pul berip, ukol derman-däri aldyk, peýda tapmadyk. Häzir hojalygymyz gün-günden aşak çökýär" diýip, maldar aýdýar.
Türkmenistanda mallaryň arasynda keselçilikli ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Şu ýylyň başyndan bäri mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly azyndan iki ýagdaý barada Azatlyga mälim boldy.
Mart aýynda Balkanyň Eýran bilen serhetleşýän we Lebabyň Owganystan bilen serhetleşýän käbir obalarynda iri we ownuk şahly mallarda guduzlama keseli ýaýrap, häkimiýetleriň birnäçe obany karantine almagyna getirdi.
Sygyrlaryň keselçilikden gyrylmagy bilen bagly häzirki ýagdaýyň dörän wagtynda maýda mallaryň gymmatlamagy göze ilýär. Azatlygyň Ahal we Mary welaýatlaryndaky habarçylaryna görä, bazarlarda goýunlaryň we geçileriň bahasy gymmatlaýar. Ortaça hasapdan öň 1 müň manada satylan goýunlar häzir 1500 manada durýar, öň 700 manada satylan geçiler häzir 1200 manatdan hödürlenýär.
Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurduň bazarlarynda azyk önümleriniň beýleki görnüşleri hem gymmatlapdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum