2-nji iýunda Ukrainanyň we Russiýanyň wekiliýetleri Stambulda parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny geçirýärler. Şol bir wagtda, iki ýurduň arasynda dowam edýän uruşda howa hüjümleri güýçlenip, ýagdaý has-da ýitileşýär.
Russiýanyň döwlet habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Kremliň gepleşikçiler topary 1-nji iýunda agşam Stambulyň Atatürk howa menziline gelip düşdi.
Kiýewiň çap eden prezident permanyna görä, ukrain wekiliýetine goranmak ministri Rustem Umerow ýolbaşçylyk eder. Ukrainanyň delegasiýasyna azyndan ondan gowrak resminiň gatnaşjakdygy habar berilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti döwlet sekretary Marko Rubionyň 1-nji iýunda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini aýtdy. Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, telefon gepleşigi Russiýanyň başlangyjy bilen geçirildi we Rubio ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň urşy "dowamly parahatçylyk" bilen tamamlamak üçin göni gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.
Gepleşikleriň öňüsyrasynda Ukraina özüniň gepleşik pozisiýasyny güýçlendiren ýaly bolup göründi. Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) 1-nji iýunda Russiýanyň dürli ýerlerinde onlarça uzak aralyga uçýan bombalaýjy uçarlaryna dronlaryň kömegi bilen zarba urandygyny aýtdy. Bu dronlaryň ýurda ýük maşynlarynda agaç gaplarda gizlin getirilendigi we golaý ýerlerden uçurylandygy aýdylýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu operasiýanyň “örän ajaýyp netije” bilen tamamlanandygyny aýtdy we onuň taýýarlygyna bir ýarym ýyldan gowrak wagt gidendigini belledi. SBU bu hüjümde 40-a çenli bombalaýjy uçaryň nyşana alnandygyny aýtdy.
Gepleşikleriň öňüsyrasynda taraplaryň pozisiýalary biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Bilermenler möhüm öňegidişlige garaşmaýarlar.
30-njy maýda Zelenski Russiýanyň gepleşikleriň netijesiz geçmegi üçin “ähli çärä baş goşýandygyny” aýtdy. Bu beýanat Ukrainanyň ikinji iri şäherine garşy amala aşyrylan uly göwrümli dron hüjüminden soň edildi. Şol hüjümde onlarça adam ýaralanyp, Kiýewe edilen birnäçe howa zarbasynda bolsa, ýaşaýyş jaýlaryna we raýat infrastrukturasyna zeper ýetipdi.
Ukraina aprel aýynda ABŞ tarapyndan teklip edilen 30 günlük ok atyşygy bes etmek meýilnamasyna razy boldy, ýöne Russiýa muňa garşy çykdy. Ukrainanyň käbir ýaranlary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini harby ýagdaýdan peýdalanmak üçin gepleşikleri yza çekmekde aýyplaýarlar.
Ýitgi we weýrançylyk esasan raýat infrastrukturasyna gönükdirilýär. Russiýa raýat maksatly desgalary nyşana almaýandygyny aýtsa-da, subutnamalar munuň tersini görkezýär.
Prezident Trampyň ýörite wekili Keýt Kellogg ABC teleýaýlymyna beren interwýusynda ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň resmileriniň hem Stambulda boljakdygyny aýtdy.
Russiýa bu duşuşykda parahatçylyk şertlerini öz içinde jemleýän “memorandumyny” hödürlejekdigini mälim etdi. Ukraina gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy, ýöne ilki bilen Russiýanyň tekliplerini görmek isleýändigini belledi.
Ukrainanyň Suspilne teleýaýlymy Ukrainanyň Stambulda hödürlemekçi bolan memorandumynyň jikme-jiklerini mälim etdi. Rus habar agentlikleri Moskwanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wladimir Medinskiniň bu resminamany alandygyny habar berdiler.
Ukrainanyň memorandumynda esasy ýagdaýlar hökmünde doly derejede ok atyşygy bes etmek we “ynamy güýçlendirmek üçin ynsanperwer çäreleriň” görülmegi talap edilýär.
Resminamada şeýle-de, “Ukrainanyň bitarap bolmagy öz üstüne almaýandygy, onuň Ýewo-Atlantik jemgyýetiniň agzasy bolup, Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy öz erkinde saýlap biljekdigi, NATO-nyň düzümine kabul edilmeginiň bolsa agza ýurtlaryň özara ylalaşygyna bagly boljakdygy” aýdylýar.
Moskwa Ukrainanyň bitaraplygyny we NATO agzalygyna synanyşmazlygyny talap edýär. Zelenski bu talaplary öňden bäri ret edip gelýär.
Memorandumda Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň diňe belli şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda we kem-kemden aýrylmagynyň mümkindigi bellenilýär.
“Käbir çäklendirmeleri belli şertleriň ýerine ýetirilmegine baglylykda tapgyrlaýyn ýagdaýda aýyrmak mümkin. Zerur bolsa, sanksiýalaryň täzeden girizilmegi üçin ýörite mehanizm hem saklanyp galýar. Russiýanyň doňdurylan döwlet aktiwleri Ukrainany dikeltmek üçin ulanylar ýa-da Russiýa reparasiýalary töleýänçä doňdurylan ýagdaýda gala” diýlip, memorandumda aýdylýar.
Forum