ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi baradaky çakylygyny kabul etmäge taýýar. Ýöne Tramp gepleşiklere prezidentler Wladimir Putin bilen Wolodymyr Zelenskiniň özleriniň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. Bu barada Ak tam mälim etdi.
“Prezident, eger ýagdaý şol derejä ýetse, onda bu mümkinçilige açykdygyny aýtdy. Ýöne ol iki lideriň we iki tarapyň hem bir wagtyň özünde gepleşik stolunda oturmagyny isleýär” diýip, Ak tamyň metbugat wekili Kerolaýn Liwitt žurnalistlere aýtdy.
2-nji iýunda Türkiýäniň prezidenti Erdogan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda Stambulda geçirilen gepleşiklerden soň, özüniň Putini, Trampy we Zelenskini Stambulda ýa-da Ankarada duşuşdyrmagy isleýändigini belledi.
Erdogan Stambuldaky geçen soňky rus-ukrain gepleşiklerini “ajaýyp” diýip häsiýetlendirdi we Türkiýäniň bu ugurda sammit geçirmek boýunça başlangyç bilen çykyş etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.