Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synpdan synpa geçiş synaglaryna “korrupsiýa we bilime bolan biperwaýlyk” ýene kölege saldy


Mekdep okuwçylary
Mekdep okuwçylary

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň aglabasynda geçen hepdäniň ahyrynda synpdan synpa geçiş synaglary tamamlandy.

Ene-atalar, okuwçylar we mugallymlar bu synaglaryň, geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de korrupsiýa we bilime bolan biperwaýlyk bilen utgaşandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýunda Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

“Mekdeplerde 26-njy maýda başlan synpdan synpa geçiş synaglary 31-nji maýda tamamlandy. Bu synag däl, bu diňe bir teatr. Netijesi öňünden belli. Kim näçe pul berse, olam gowy baha alýar. Bilim bilen hiç hili gatnaşyk ýok” diýip, Dänew etrabynyň bir mugallymy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Kerkili ene-atalaryň ençemesi okuwçylaryň bilimine görä ýokary baha almagy üçin, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem synp ýolbaşçylaryna “minnetdarlyk” hökmünde para bermeli bolandyklaryny aýdýar.

“Her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem klas ýolbaşçysyna 500 manat berdim. Eger bermesem, oglumyň bahalaryny peseldýärler. Bu hemmäniň bilýän zady. Synaglarda çagalaryň bilim derejesine seretmeýärler” diýip, kerkili ene anonimlik şertinde aýtdy.

Darganataly mugallymlaryň birnäçesi bolsa, synag jogaplarynyň öňünden satylandygyny aýdýar. Jogaplaryň bahasy synp derejesine görä üýtgäp, adatça 50–150 manat aralygynda boldy.

“Bu zatlar diňe aşakdaky derejede däl, ýokarylara hem ýetýär. Muňa mekdep müdirinden başlap, bilim bölümlerindäki işgärler hem gatnaşýar” diýip, darganataly mugallym belledi.

Synaglaryň deregine taýýar jogap kagyzlary…

Türkmenabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysynyň sözlerine görä, maý aýynyň 28-nde geçirilen iňlis dili synagynyň netijesi eýýäm synag başlamazdan öň belli bolupdyr.

“Şpargalkalary mekdebiň koridorynda paýladylar. Mugallym: ‘Tolgunmaň, dogry ýazsaňyz bolýar’ diýdi” diýip, okuwçy gyz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Gazojak şäherindäki 21-nji mekdebiň okuwçysy bolsa, informatika synagynda sowallaryň taýýar jogaplarynyň paýlanandygyny we olardan göçürip ýazandyklaryny aýdýar.

“Hiç hili mesele çözmedik. Bize taýýar kagyzlary berdiler, diňe göçürdik. Hiç kim synamaýan ýaly boldy” diýip, okuwçy belledi.

Bu maglumatlary türkmenabatly we gazojakly mugallymlaryň ençemesi hem tassyklady. Olar munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdýarlar.

“Birinjiden, mugallymlaryň köpüsi özleriniň oňat bilim bermeýändiklerini, ikinjiden, okuwçylaryň sowatsyzlygyny ýaşyrjak bolýar” diýip, türkmenabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Uzakdaky obalarda synaglara tas hiç kim “gelmedi”

Welaýatyň Köýtendag, Mukry, Gowurdak we Dostluk ýaly şäherçelerindäki oba mekdepleriniň aglabasynda okuwçylaryň synaglara gatnaşygynyň pesligi has-da göze ildi.

Mugallymlaryň we okuwçylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, synplaryň aglabasynda iki-üç okuwçydan başga adam ýokdy.

“Mugallymlaryň köpüsi synag geçirmegi zerur hasaplamaýar. Synaglar diňe “geçirildi” diýilmek üçin geçirilýär. Sebäbi ähli okuwçylar awtomat görnüşde indiki synpa geçirilýär” diýip, köýtendagly bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Lebap welaýat Bilim müdirliginden we agzalan etraplaryň bilim bölümlerinden, şeýle-de mekdeplerden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde her ýyl synpdan synpa geçiş synaglary, şeýle-de şu wagta çenli 4-nji we 10-njy synplarda sepgit synaglary geçirilýär. Mekdebi tamamlaýan okuwçylar iň soňky okuw ýylynyň ahyrynda jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrýarlar.

Okuwçylary synpyndan galdyrmak tejribesiniň "bes edilmegi"

Azatlygyň habarçylary bu synaglarda okuwçylaryň bilim derejesine däl-de, olaryň ene-atasynyň bilim işgärlerine beren “parasyna” üns berilýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Lebap welaýat Bilim müdirligindäki çeşmelerimiziň birnäçesi muňa ýurtda tas ähli pudakda ýaýran parahorlugyň, şeýle-de soňky ýyllarda okuwçylary synpyndan galdyrmak tejribesiniň düýbünden bes edilmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Bu ýagdaý okuwçylaryň okamaly diýen düşünjesini ýitirmegine getirýär. Olar bilimiň zerur däldigine ynanýarlar. Sebäbi olar indiki synpa awtomatik görnüşde geçjekdiklerini ýa-da para berseň, has ýokary baha alyp bolýandygyny bilýärler. Netijede, ýurtda bilimsiz nesil kök urýar” diýip, çeşmämiz belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG