Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu ýyl Russiýanyň Pskow oblastyna hemişelik göçenleriň 40%-den gowragy Türkmenistandan gelenler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2025-nji ýylyň dowamynda Russiýanyň Pskow oblastyna hemişelik göçenleriň iň uly bölegi Türkmenistandan geldi. Bu barada “Sooteçestwennik” (“Watandaş”) atly göçürilip ýerleşdirilmä ýardam berýän merkeziň direktory Natalýa Tudakowa mälim etdi diýip, Informpskov neşiri 2-nji iýunda habar berdi.

Tudakowanyň sözlerine görä, şu ýyl Pskow oblastyna hemişelik göçüp gelenleriň 40%-den gowragy Türkmenistandan bolan adamlardyr. Ikinji ýerde Latwiýadan gelenler durýar, olar umumy göçüp gelenleriň 26%-ni düzýär. Üçünji orunda bolsa Estoniýadan gelenler ýerleşýär. Anyk sanlar berilmeýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köpleriň ýurdy terk etmäge, şol sanda Russiýa hemişelik göçüp gitmäge ymtylýandygy barada yzygiderli habar berýär. Türkmen häkimiýetleri bu tendesiýa resmi reaksiýa bildirmeýärler.

XS
SM
MD
LG