Geçen aý Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere Russiýa garşy girizilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky sanksiýalar bukjasy barada brifing berip başlanda, bileleşige agza 27 döwlet anyk ýazmaça teklipleriň gelmegine garaşýardy. Olar henizem garaşýarlar.
Adatça, şular ýaly resminamalar - bu ýagdaýda, üç ýyl mundan ozal Kremliň Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlaly bäri potensial 18-nji çäklendiriji çäreler ýa-da sanksiýalar - brifinglerden birnäçe gün soň iberilýär.
Resminamalarda komissiýanyň nämäni nyşana almagy göz öňünde tutýandygynyň jikme-jiklikleri görkezilýär. Öz gezeginde, ÝB agzalary, ähli sanksiýalar biragyzdan kabul edilmegi talap edýändigi sebäpli, näme barada ylalaşmak isleýändikleri dogrusynda gyzyl çyzyklary kesgitleýärler.
Onda bularyň gijä galmagynyň sebäbi näme bilen baglanyşykly? Iki zat
Bir tarapdan, ÝB agza käbir ýurtlar, şol sanda Germaniýa we Fransiýa ýaly iri döwletler, garaşmak we 2-nji iýunda Stambulda geçirilen Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň nähili dowam etjekdigini görmek isleýärdiler.
Adynyň efirde aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren ÝB-niň birnäçe resmisi Moskwanyň Kiýew bilen gepleşiklerde hakykatdanam öňegidişlik gazanmak isleýändigine ynanmaýandyklaryny we şol sebäpli garaşmak hem-de gepleşikleriň netijelerini görmek isleýändiklerini aýtdy.
Beýleki tarapdan, bu meselede Birleşen Ştatlar bar.
Prezident Donald Tramp häzire çenli Moskwa garşy sanksiýalary girizmek barada ençeme gezek haýbat atan hem bolsa, ol ony nyşana almakdan saklandy.
Munuň sebäbi barada berlen jogap ýewropalylaryňky bilen birmeňzeşdri: Ol Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň üstünlikli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri bermek isleýär. Brýussel bolsa, islendik täze sanksiýalarda Waşingtonyň özüne goşulmagyny diýseň isleýär.
Eýse, 18-nji bukjada nämeler bolar?
Bukjadan habarly ÝB diplomatlary, ondaky bir maddanyň Birleşen Ştatlaryň razylygyny talap etjekdigini bellediler: G7 ýurtlarynyň rus nebitiniň iň ýokary bahasyny $45-a çenli arzanlatmak.
Nebitiň bahasy şol derejeden aşak düşse-de, onuň iň ýokary bahasy ýyllarboýy $60 möçberinde saklanyp gelýär.
Liderler 15-17-nji iýunda Kanadada geçiriljek G7 sammitinde duşuşanda, olaryň iň ýokary bahany azyndan $50-a çenli arzanlatmak barada resmi taýdan ylalaşmagyny gazanmak maksat edinilýär.
G7 toparynyň maliýe ministrleri Waşington bu çärä garşy çykandygy sebäpli, maý aýynda ylalaşyk gazanyp bilmediler. ÝB-niň käbir resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu meselede ýakyn wagtda hereketiň bolup biljekdigine ynanýandyklaryny aýtdylar.
Mundan başga-da, ÝB-niň 20-nji maýda kabul eden 17-nji sanksiýalar bukjasynda bolşy ýaly, täze çäreler has köp adamy gara sanawa girizmegi we Russiýanyň kölege flotuny nyşana almagy öz içine alýar.
Ýakynda ÝB 300-den gowrak gämini nyşana aldy, bileleşik Moskwanyň bulary sanksiýalardan sowa geçmek, hususan-da, nebit eksport etmek üçin ulanýandygyna ynanýar.
Şeýle hem, has köp wiza gadaganlygynyň girizilmegine we aktiwleriň doňdurylmagyna garaşylýar. ÝB sany 2400-den aşýan sanksiýalaryň sanawyna ýene 100 şahsyýeti we kompaniýany goşmagy hem göz öňünde tutýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.