Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: Eýran ABŞ-nyň urany baýlaşdyrmak baradaky basyşlaryna boýun egmez


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň Tähranyň ýadro maksatnamasy bilen baglylykda urany baýlaşdyrmagy bes etmek baradaky teklibini ret etdi we munuň ýurduň ýadro maksatnamasynyň möhüm bölegidigini aýtdy.

Eýran hökümeti Ak tamyň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Stiw Witkoff tarapyndan taýýarlanan ABŞ-nyň teklibini gözden geçirýär, emma döwlet meseleleri boýunça soňky karary berýän Hameneýi bu teklibiň ýurduň milli bähbitlerine garşy gelýändigini belledi.

“Milli garaşsyzlygyň esasy ýörelgeleriniň biri ‘biz muny özümiz edip bileris’ diýen prinsipdir” diýip, Hameneýi 4-nji iýunda Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy Ruholla Homeýniniň aradan çykmagynyň 36-njy ýyl dönümi mynasybetli geçirilen toparlanşykda aýtdy.

“Amerikanyň plany şol ýörelgä ýüz göterim ters gelýär” diýip, Hameneýi aýtdy.

Eýran bilen ABŞ Tähranyň çalt depgin bilen ösýän ýadro maksatnamasyny çäklendirmegiň öwezine, sanksiýalary ýeňilleşdirmek boýunça, Omanyň araçylyk etmeginde, bäş tapgyr gepleşik geçirdiler.

3-nji iýunda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazan postunda Eýran bilen mümkin bolan islendik ylalaşykda “biz urany baýlaşdyrmaga rugsat bermeris” diýip belledi.

Eýranyň resmileri bu talaby çürt-kesik ret etdiler, Hameneýi bolsa bu pozisiýany ýene bir gezek gaýtalady.

“Urany baýlaşdyrmak ýadro meselesinde möhüm ähmiýete eýedir, şonuň üçin duşmanlarymyz oňa aýratyn üns berýärler” diýip, ähli döwlet meselelerinde iň soňky karary kabul edýän ýokary ruhany lider aýtdy.

Geçen aý Tramp Eýranyň energetika üçin ýadro maksatnamasyny dowam etdirmegine rugsat bermäge taýýar bolup biljekdigini ýaňzytdy, ýöne Hameneýi bu maksatnamanyň diňe energiýa bilen çäklenmeýändigini belledi.

Hameneýi Eýranyň ýadro maksatnamasyny medisina ýaly beýleki pudaklara goşant goşýan “esasy senagat” diýip häsiýetlendirdi.

“[Amerikanlar] radiofarmasewtika, energiýa, suwy süýjetmek enjamlary we beýleki onlarça möhüm ugurlarda özlerine garaşly bolmagyňyzy isleýärler” diýip Hameneýi aýtdy.

Geçen hepde Atom energiýasy boýunça halkara agentligi soňky çärýeklik hasabatynda, Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň önümçiligini artdyrandygyny mälim etdi.

Hasabata görä, 17-nji maýdaky ýagdaýlara görä Eýran 60 göterime çenli baýlaşdyrylan 408.6 kilogram uran toplapdyr, bu görkeziji Agentligiň fewral aýynda çap eden öňki hasabatynda görkezilen 275 kilogramdan düýpli ýokarydyr.

Agentlik aýry başga bir dokumentde Tähranyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň “kanagatlanarly däldigini”, munuň aýratyn-da hasabat berilmedik ýerlerde tapylan ýadro maddalarynyň yzlary boýunça düşündiriş berilmeýändigi bilen baglydygyny belledi.

Bu hasabatlar Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Dolandyryjylar geňeşiniň şu aýyň ahyrynda Wenada geçiriljek duşuşygynyň öňüsyrasynda çap edildi. Şol maslahatyň dowamynda Eýranyň ýadro işjeňligine täzeden göz aýlanar. Tähran Günbatar ýurtlaryny BMG-niň ýadro gözegçilik edarasyny Eýrana basyş etmek üçin syýasylaşdyrmakda aýyplaýar.

Eýranyň urany 60 göterim derejede baýlaşdyrmagy, 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasynda görkezilen 3.67 göterim çäkden ep-esli ýokarydyr, ýöne ýadro ýaragyny öndürmek üçin zerur bolan 90 göterim derejesinden pesdir.

Forum

XS
SM
MD
LG