Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) başlygy Ukrainada dowam edýän ýadro heläkçiligi töwekgelçiligi barada duýduryş berip, "ýadro howpsuzlygyna abanýan wehimler örän hakyky we hemişe saklanyp dur" diýdi.
HAEA-niň işgärleriniň Ukrainadaky ýadro desgalarynda bolmagy ýadro hadysasynyň öňüni almak üçin möhüm bolmagynda galýar diýip, Rafael Grossi 3-nji iýunda, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri Kiýewe eden 12-nji saparyndan soň aýtdy.
HAEA şondan bäri Ukrainanyň ýadro elektrik stansiýalarynyň ýagdaýyna berk gözegçilik etmekde möhüm rol oýnady.
Agentlik Riwne we Hmelnitskiý reaktor meýdançalaryna yzygiderli hünärmen toparlaryny iberýär we howpsuzlyk aladalary sebäpli ýapylan Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyndaky hünärmenlerini ol ýerde häzir hemişelik ýagdaýda saklamagy dowam etdirýär.
HAEA-nyň Rivnede we Hmelnytskide bolýan hünärmenlerini Grosiniň sapary wagtynda, adaty bolmadyk köp howa hüjümi duýduryşlary sebäpli, üç gezek gaçybatalgalara ibermeli boldy.
"Meniň toparlarym munuň geçen ýylyň aýagyndan bäri şaýat bolan howa hüjümleri duýduryşlarynyň iň güýçli güni bolandygyny habar berdiler" diýip, Grossi metbugat üçin ýaýradan habarynda aýtdy.
Grossi, Kiýewdäki howa duýduryşlary sebäpli, energetika ministri Herman Haluşenko we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen Energetika ministrliginiň ýerzeminde duşuşandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol prezident Wolodymyr Zelenski we daşary işler ministri Andriý Sybiha bilen duşuşyp, HAEA-niň ýurduň ýadro energiýasy infrastrukturasyny dikeltmek we giňeltmek üçin berjek goldawlaryny maslahatlaşdy.
Grossi Russiýanyň bu elektrik stansiýasyny öz elektrik toruna birikdirmek üçin görýän çäreleri baradaky habara düşündiriş berip, "Roýters" habar gullugyna beren interwýusynda ruslaryň bu zawody gaýtadan açmak isleglerini hiç wagt gizlemeýändiklerini, ýöne bu golaýda ol işi edip bilmejekdiklerini aýtdy.
Ol, sowutmak üçin gerek boljak suwuň ýetmezçiligi we durnukly elektrik üpjünçiliginiň bolmazlygy sebäpli, zawody edil häzirki wagtda gaýtadan işe girizmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy. Grossiniň sözlerine görä, zawodyň täzeden işe başlamagy üçin Dnipro derýasyndan suw çykarmaly bolar.
"Greenpeace" geçen hepde Russiýanyň bu elektrik stansiýasyny rus toruna birikdirmek üçin 90 kilometr aralyga ýokary woltly elektrik liniýasyny çekýändigini habar berdi. Grossi HAEA-niň bu habarda gelinýän netijeler bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.
"O ýerde käbir işleriň belli bir derejede bitirilen ýerleri bar, ýöne munuň elektrik stansiýasyny ol ýa-da beýleki manyda birleşdirmek üçin gurnalan meýilnamanyň bir bölegidigi barada bizde anyk subutnama ýok" diýip, ol aýtdy.
"Biz zawodyň haýdan-haý gaýtadan dikeldilmegi ýagdaýynda däl. Ondan has uzakda, bu iş amala aşyrylmazyndan öň eslije wagt alar."
Zelenskiý X platformasynda Russiýanyň Zaporižýa elektrik bekedini özbaşdak, Ukrainanyň gatnaşmazlygynda gaýtadan dikeltmek üçin edýän işleriniň "manysyz we howply" boljakdygyny aýtdy. Şu sebäpden, prezident HAEA resmileriniň bu desgadaky "işine ýa-da ol ýerde gezekli işlemegine hiç hili emeli päsgelçilik döredilmeli däldigini”, olaryň zawodda bolmalydygyny" aýtdy. Zawodda bolýan hünärmenler ol ýerdäki "hakyky ýagdaýy dünýä görkezýär" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu desga Ýewropanyň iň uly ýadro desgasy bolup, uruşdan ozal Ukrainanyň elektrik energiýasynyň bäşden bir bölegini öndürýärdi.
Onuň alty reaktorynyň iň soňkusy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda elektrik energiýasyny öndürmegini bes etdi. Bu desga 2022-nji ýylyň fewralynda, Moskwa giň gerimli çozuşa başlanyndan gysga wagt soň, Russiýa tarapyndan basylyp alyndy.
Ýadro elektrik stansiýasynyň golaýyndaky ýerler yzygiderli artilleriýa we pilotsyz uçar hüjümlerine sezewar edilýär. Iki tarap hem bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alman, beýleki tarapy günäkärleýär.
Forum