Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýada geçirilen prezident saýlawlarynda oppozision dalaşgär ýeňiş gazandy


 Li Çže Mýon
Li Çže Mýon

3-nji iýunda Günorta Koreýada geçirilen irki prezident saýlawlarynda oppozisiýadaky Demokratik partiýasynyň dalaşgäri, çepçi güýçleriň wekili Li Çže Mýon ýeňiş gazandy. Ol eýýäm saýlawçylara minnetdarlyk bildirip, olaryň ynamyny ödejekdigine söz berdi.

Sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Li Çže Mýonyň saýlawçynyň 49%-niň goldawyny alandygy mälim boldy. Onuň esasy bäsdeşi, häkimiýet başyndaky konserwatiw “Raýat güýji” partiýasynyň wekili Kim Mun Su takmynan 41% ses toplady.

Saýlawlara gatnaşyk 79%-den hem aşa bolup, bu 1997-nji ýyldan bäri ýurtdaky iň ýokary görkeziji boldy.

Irki saýlawlaryň öňüsyrasynda, öňki prezident Ýun Sok Ýolyň buýrugy bilen gysga wagtlyk harby ýagdaýyň girizilmegi bilen baglylykda, ýurtda alty aý çemesi syýasy durnuksyzlyk boldy. Netijede Ýuna impiçment yglan edildi. Ýun bu çäresini, beýleki sebäpler bilen bir hatarda, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, ýurduň çepçi oppozisiýasynyň kommunistik we döwlete garşy güýçler bilen gurşalandygy bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG