Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň atom agentligi Eýranyň urany baýlaşdyrmagy bilen baglanyşykly “çynlakaý alada bildirýär”


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRIB telekanalynyň 2018-nji ýyldaky maglumatynda urany baýlaşdyrmak üçin, hamala, ýerli önümçilikdäki sentrifugalar görkezilýär.
Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRIB telekanalynyň 2018-nji ýyldaky maglumatynda urany baýlaşdyrmak üçin, hamala, ýerli önümçilikdäki sentrifugalar görkezilýär.

Eýran soňky aýlarda urany baýlaşdyrmagynyň ätiýaçlyk mukdaryny ýarag derejesine çenli ep-esli artdyrdy diýip, habar beriş serişdeleriniň ençemesi Halkara atom energiýasy agentliginiň (HAEA) hasabatyna salgylanýar we munuň Tähranyň ýadro programmasy boýunça Birleşen Ştatlar bilen gazanylyp bilinjek potensial ylalaşyk babatynda şübheleri has-da artdyrjaga meňzeýändigini aýdýar.

Ysraýyl muňa çaltlyk bilen reaksiýa bildirip, premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň edarasy BMG-niň ýadro gözegçilik agentliginiň 31-nji maýdaky gizlin hasabatynyň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek isleýändigini görkezýändigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Tähran hasabaty ret etdi we ony “syýasy maksatly” diýip atlandyryp, Eýrana garşy islendik çäre görmek synanyşygyna jogap hökmünde “degişli çäreleri görjekdigini” aýtdy, ýöne munuň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.

“Associated Press” habar gullugynyň maglumatyna görä, agentligiň hasabatynda Eýranyň 17-nji maýda arassalyk derejesi boýunça 60 göterime çenli baýlaşdyrylan 408,6 kilogram uranynyň bardygy bellenilýär. Bu görkeziji, HAEA-nyň fewral aýynda çap eden soňky hasabatynda takmynan 275 kilograma barabardy.

AP habar gullugynyň maglumatyna görä, bu 60 göterimden ýarag öndürmek derejesi bolan 90 göterime çenli “gysga, tehniki ädimdir”. Gulluk HAEA-nyň hasabatyna salgylanyp, 60 göterime çenli baýlaşdyrylan 42 kilogram uranyň teoretiki taýdan 90 göterime çenli baýlaşdyrylan halatynda, bir atom bombasyny ýasamak üçin ýeterlikdigini aýdýar.

Bu waka, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň ýadro işjeňliginiň öňüni almak üçin Eýran bilen şertnama baglaşmaga synanyşýan wagtyna gabat geldi.

Waşington bilen Tähran, Tramp şu ýylyň ýanwar aýynda prezidentlik wezipesine gaýtadan girişeli bäri, gepleşikleriň bäş tapgyryny geçirdi. Tramp prezidentliginiň ilkinji möhletinde ABŞ-ny Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan halkara şertnamadan çykardy we oňa garşy sanksiýalary täzeden girizdi.

Gepleşiklerde urany baýlaşdyrmak esasy meselä öwrüldi. ABŞ-nyň administrasiýasy Eýranyň baýlaşdyrmak işleriniň hemmesini togtatmalydygyny aýdýar, bu talap Eýran tarapyndan ret edilýär.

Tähranyň gepleşik toparyna ýolbaşçylyk edýän Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 31-nji maýda Omanyň araçylyk etmegindäki gepleşikleriň yz ýanynda, ABŞ-nyň potensial şertnama üçin teklibiniň “elementlerini” alandygyny aýtdy.

Arakçi “Telegram” sosial ulgamda paýlaşan maglumatynda omanly kärdeşi Badr al-Busaidiniň “ABŞ teklibiniň elementlerini hödürlemek üçin şu gün Tährana gysga saparyny amala aşyrandygyny we [Eýranyň bu teklibe] Eýran halkynyň hukuklaryna, milli bähbitlerine we ýörelgelerine laýyklykda jogap berjekdigini” ýazdy.

Eýranyň ýokary derejeli resmileri 29-njy maýda eden çykyşlarynda islendik şertnamanyň Tährana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we, Tähran tarapyndan parahatçylyklydygy aýdylýan, ýadro programmasynyň dowam etmegine ýol berilmegini öz içine almalydygyny aýtdylar.

Şeýle-de bolsa, ertesi gün Tramp “gaty uzak bolmadyk geljekde” ylalaşyk gazanyp boljakdygyna ynanýandygyny aýdyp, Eýranyň “partladylmagyň” deregine “şertnama baglaşjakdygyny” sözüne goşdy. Bu kesgitleme, Trampyň Tähran ýadro şertnamasyny baglaşmasa, onuň agyr harby netijelere sezewar bolup biljekdigi baradaky yzygiderli edýän duýduryşlaryna salgylanýar.

Tramp 28-nji maýda Netanýahua, ABŞ-nyň administrasiýasyna Tähran bilen täze ýadro şertnamasy baglaşmak üçin has köp wagt bermek maksady bilen, Eýrana hüjüm etmegi soňa goýmagy tabşyrandygyny aýtdy.

HAEA-nyň hasabaty baradaky habar peýda bolandan gysga wagt soň, Netanýahunyň edarasy Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça ýeten derejesiniň “diňe ýadro ýaragyny işjeň edinmek isleýän ýurtlarda bardygyny we hiç hili raýat deliliniň ýokdugyny” aýtdy.

Hasabat “Eýranyň ýadro programmasynyň maksadynyň parahatçylykly däldigi barada Ysraýylyň ençeme ýyl bäri aýdýanlaryny güýçlendirýär” diýlip, beýanatda bellenilýär we “Halkara jemgyýetçiligi Eýrany duruzmak üçin häzir hereket etmelidir” diýilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG