Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ägä boluň!': Daşoguzda iş sorap, 'hilegärleriň duzagyna düşen ýaşaýjylar' işsizlige çözgüt soraýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Daşoguz welaýatynda özüni kadrlar gullugy hökmünde tanyşdyryp, tölegli hyzmat hödürleýän kärhanalar köpelýän mahaly, şeýle agentlikleriň üsti bilen iş tapjak bolup, 'galplygyň pidasy bolan ýerli ýaşaýjylar' öz ildeşlerini hilegärlerden hüşgär bolmaga çagyrýarlar.

“Biz Azatlyk Radiosynyň üsti bilen öz welaýatymyzda we özge welaýatlarda ýaşaýan ildeşlerimize sesimizi eşitdirip, hamala, iş hödürleýän ýaly bolup, aldaw ýoly bilen adamlardan pul alýan goşa dyrnak içindäki ‘kadr agentlikleriniň’ kezzaplygyndan ägä bolmagy, olaryň hödürleýän galp iş orunlaryna aldanmazlygy maslahat berýäris” diýip, ýaňy-ýakynda şeýle iş tekliplerinden ‘agzy bişen’ birnäçe daşoguzly aýdýar.

Olar sebit merkezinde ýaňy-ýakynda açylan şeýle ‘agentligiň’, ilkibaşda, daşyndan, doly kanuny kompaniýa ýaly bolup görnendigini aýdýarlar.

“Olar bir ofisiň edara jaýyny kireýine alyp, içine stol-stul, diwara gyzyl haly, onuň ýüzüne prezidentiň portretini, stoluň üstünde ýaşyl baýdak goýup, adamlardan iş orunlary boýunça anketalary kabul edip başladylar” diýip, iş gözläp, bu gulluga ýüz tutan ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

'Kwitansiýa hödürlemediler'

Ýöne soňy bilen, käbir ýagdaýlar şübhe oýaryp başlaýar. ‘Kadr agentligi’ diýilýän kärhana her bir anketa boýunça adamlardan töleg kabul edýär, ýöne bu töleg boýunça kwitansiýa hödürlemeýär.

Üstesine, ýerli ýaşaýjylar bu kompaniýa tarapyndan, hamala, hödürlenýän iş orunlarynyň örän özüne çekiji bolandygyny, müňlerçe manat zähmet haklary bolan iş orunlarynyň reklama edilip başlanandygyny aýdýarlar.

“Iş gözleginde daşary ýurt döwletlerine gitmegiň zerur däldigini, özleriniň azyndan bäş müň manat aýlygy bolan iş orunlaryny tapyp bilýändiklerini aýdyp, bir topar adamdan tölegli anketa kabul etdiler” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýdýar.

Kadrlar agentligi iş beriji bilen iş gözleýän taraplaryň arasynda köpri hyzmatyny hödürläp, kärhanalary işgär, işgärleri iş orunlary bilen üpjün edýärler.

Ýöne Daşoguzda özüne çekiji bir topar iş wadalary bilen açylan ‘agentlik’ adamlardan bir topar şahsy maglumat, anketa we töleg kabul edip, duýdansyz ýapylýar. Adamlar geň galyp, häkimiýetlere ýüz tutup başlaýar, ýöne netije bolmaýar.

“Bir görseň ol ofis ýapylypdyr, telefon belgileri hem öçürilen” diýip, iş gözleginde kadrlar agentligine ýüz tutup, paltasy daşa degen daşoguzly aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar şeýle kompaniýalaryň mahabatlarynyň ilat arasynda giňden ýaýradylýandygyny aýdýarlar. Sosial ulgamlarda, şol sanda TikTok-da we beýleki torlarda reklamalar ýaýradylýar.

Giň ýaýran işsizlik

Demirgazyk welaýatyň ýaşaýjylary, hususan-da öz sebitlerinde ençeme ýyllardan bäri işsizligiň has giň ýaýrandygyny aýdyp, özlerini kadrlar gullugy hökmünde tanyşdyryp, soňra bolsa duýdansyz ýitirim bolýan taraplaryň bu ýagdaýdan hyýanatly peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

“Golaýda açylan kadrlar agentligine iş üçin ýüz tutan adam gaty köp boldy. Hatda olaryň hödürleýän iş orunlarynda teklip edilýän zähmet haklaryny görüp, döwlet işinde işleýän adamlar hem nobata ýazylyp, has oňat iş gözleginde tölegli anketa doldurdy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

‘Kadrlar gullugy’ hünärli, hünärsiz, diplomly, diplomsyz, aýal, erkek umuman jemgyýetiň işe ukyply gatlagynyň ählisine iş orunlaryny hödürläpdirler.

“Olar erkek adamlara-da, aýal maşgalalara-da iş orunlaryny tapyp berip bilýändiklerini, elinde hünäri bar bolan adamlara-da, ýok adamlara-da iş orunlaryny tapyp berip biljekdiklerini aýtdylar. Ýakyn wagtda bu sebitde täze gurluşyklaryň başlanjakdygyny, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň guruljakdygyny aýtdylar. Sürüjilik şahadatnamasy bolan adamlara-da sürüjilik iş ýerleriniň açyljakdygyny aýtdylar. Ýöne yzy bolmady, adamlardan pul ýygnap, ýitirim boldular” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Olar duýdansyz ýitirim bolan kadrlar gullugyny kezzaplar atlandyryp, häkimiýetlerden haraý soraýarlar. Ýöne häzirlikçe olaryň şeýle synanyşyklary netije bermeýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Daşoguz welaýat häkimliginden, hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli şahamçalaryndan teswir alyp bilmeýär.

Resmi sanlar şübhe oýandyrýar

Türkmenistanda işsizligiň anyk derejesini görkezýän resmi sanlar jemgyýetçilige äşgär edilmeýär. Ýurt raýatlary iş-eklenç gözleginde daşary ýurt döwletlerine çykmaga ýykgyn edýärler. Şeýle-de, ýurt içinde döwlet edara-kärhanalarynda tölenýän zähmet haklary harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary bilen bäsleşip bilmeýär. Býujet işgärleri aýlyklaryň örän pes bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy ýurtdaky işsizligiň derejesini 5,4 % hökmünde görkezýär.

Resmi sanlara görä, ýurtda üç ýyl ozal 2 million 310 müň çemesi adam iş bilen üpjün edilip, 132 müň 474 adam iş gözleýän adam hökmünde hasaba alnypdyr.

Türkmen hökümetiniň berýän resmi statistikalarynda hem Daşoguz welaýatynda işsizligiň derejesi iň ýokary görkezilýär. Bu sebitde 28 müň çemesi adam işsiz hökmünde hasaba alnypdyr.

Ýöne bu sanlaryň hakykata gabat gelip-gelmeýändigini garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar. Türkmen hökümetiniň hödürleýän resmi sanlaryna köplenç şübheli çemeleşilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG