Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Russiýany Ukrainadaky urşy bes etmek üçin teklip edilýän şertleri kabul etmäge çagyrdy


ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Jon Kelli (çepde) we Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wassiliý Nebenziýa.
ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Jon Kelli (çepde) we Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wassiliý Nebenziýa.

ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Jon Kelli, 29-njy maýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edip, Russiýa üçin häzirki hödürlenýän parahatçylyk şertleriniň iň amatly çözgütdigini we prezident Wladimir Putiniň bu şertleri kabul etmelidigini aýtdy.

Jon Kelli urşy dowam etdirmegiň hiç kime peýdasynyň ýokdugyny belläp, eger-de Russiýa “bu pajygaly urşy dowam etdirmek ýaly nädogry karara gelse”, ABŞ-nyň parahatçylyk gepleşiklerindäki tagallalaryndan çekilip biljekdigini duýdurdy.

Kelli şeýle-de Russiýa garşy goşmaça sanksiýalaryň hem heniz gün tertibinden çykarylmandygyny aýtdy.

Kreml 29-njy maýda ir bilen, Ukrainanyň 2-nji iýunda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän täze gepleşik teklibine entek jogap bermändigini aýtdy.

“Meniň maglumatyma görä, häzirlikçe hiç hili jogap gelmedi… Biz ukrain tarapynyň jogabyna garaşýarys” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň baş geňeşçisi Andriý Ýermak Ukrainanyň gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny, ýöne ilki bilen Russiýanyň tekliplerini görmek isleýändigini belledi.

“Ukraina indiki duşuşyga gatnaşmaga taýýar, ýöne biz konstruktiw gürrüňleri geçirmegi isleýäris. Russiýanyň teklibiniň taslamasyny görmek biziň üçin möhümdir” diýip, Ýermak aýtdy.

Peskow ukrain tarapynyň bu talabyny “konstruktiw däl” diýip atlandyrdy.

Ukraina Russiýa parahatçylyk baradaky öz garaýyşlaryny eýýäm hödürländigini mälim etdi.

Zelenski Stambuldaky duşuşygyň öňüsyrasynda Russiýanyň parahatçylyk teklibini tabşyrmazlygyny “nobatdaky hilegärlik” diýip atlandyrdy.

“Olaryň wada beren we görnüşinden bir hepde bari üstünde işleýän memorandum diýilýänini henizem hiç kim görmedi” diýip, Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

“Ukraina ony almady. Biziň hyzmatdaşlarymyz ony almady. Hatda ilkinji duşuşyga eýeçilik eden Türkiýe hem täze gün tertibini almady. ABŞ-a we prezident Trampa beren wadalaryna garamazdan, bu Russiýanyň nobatdaky hilesidir” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Russiýa 2-nji iýunda geçiriljek duşuşykda parahatçylyk şertlerini öz içinde jemleýän memorandumy hödürlejekdigini aýtdy.

“Wladimir Medinskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetimiz, 2-nji iýunda Stambuldaky ikinji tapgyr göni gepleşiklerde ukrain wekiliýetine memorandumy hödürlemäge we gerekli düşündirişleri bermäge taýýar” diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji maýdaky beýanatynda belledi.

Lawrow memorandumyň “krizisiň düýp sebäplerini doly çözmäge gönükdirilen Russiýanyň garaýyşlaryny öz içine aljakdygyny” öňe sürdi.

Russiýanyň ozalky medeniýet ministri Wladimir Medinskiý soňky üç ýyldan gowrak wagt içinde geçirilen ilkinji, 16-njy maýdaky göni gepleşiklere hem ýolbaşçylyk edipdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio dynç günleri amala aşyrylan tussag alyş-çalşygyny gowy garşylap, Lawrow bilen gepleşik geçirdi diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tammi Brýus aýtdy.

“Sekretar Rubio prezident Trampyň parahatçylyk üçin konstruktiw we ynama esaslanýan gepleşikleriň ähmiýeti baradaky çagyryşyny gaýtalady” diýip, Brýus belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 28-nji maýda, Putiniň urşy soňlamak niýetiniň nä derejede hakykata bap gelýändigini ýene “iki hepde çemesi wagtdan” kesgitlejekdigini aýtdy.

“Biz onuň biz bilen oýun edýändigini ýa etmeýändigini göreris, eger şeýle bolsa, munuň jogabyny birneme başgaça bereris. Ýöne munuň üçin bir ýarym-iki hepde wagt gerek bolar” diýip, Tramp Ak tamda žurnalistlere aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG