25-nji maýda Russiýa we Ukraina Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlaly bäri iň uly tussag alyş-çalşygyny geçirdiler.
Stambuldaky rus we ukrain wekiliýetleriniň arasynda geçirilen täze gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan bu şertnama müňlerçe adamyň öýlerine dolanmagyna mümkinçilik berdi.
Emma ýesirleriň hiç biri-de Ukrainanyň iň meşhur we simwoliki harby bölümleriniň biri bolan Azow brigadasyndan däldi.
2022-nji ýylda Azow deňziniň Mariupol şäherinde Russiýanyň goşunynyň ganly gabawynyň netijesinde ýüzlerçe azow söweşijisi tussag edildi.
Bu göreş iň rehimsiz söweşlerden biri boldy we Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň ilkinji aýlarynda ukrain güýçlerine möhüm pursat döretdi.
Azow brigadasynyň Mariupolyň soňky berkitmesini - Azowstal polat zawodyny gahrymanlarça goramagy, köp sanly rus resmisiniň gaharyny getirdi we olaryň arasynda bu bölümi terror guramasy diýip kesgitlän we söweşijilerini tribunallara we hatda jezalandyrmaga çagyranlar boldy.
Şondan bäri ukrain jemgyýeti tussag edilenleriň arkasynda durdy. Mariupolyň käbir goragçylary, şol sanda Azowyň serkerdeleri rus ýesirliginden boşadylan hem bolsa, ýene-de ýüzlerçe adam rehimsiz şertlerde türmede galýar.
Birnäçe ýyl bäri rus resmileri 2014-nji ýylda sagçy söweşijilerden düzülen harbylaşdyrylan topar hökmünde döredilen Azow brigadasynyň gelip çykyşyny ýoýup, ulanmaga çalyşdylar we onuň agzalaryny milletçi garaýyşly edip görkezmäge we munuň bilen Ukraina neo-nasistler tarapyndan dolandyrylýar diýen ýalan düşünjäni ýaýratmaga synanyşýarlar.
Ukrain häkimiýetleri gepleşikleriň dowamynda Russiýanyň Azow söweşijilerini yzyna gaýtarmak baradaky tagallalary yzygiderli petikleýändigini aýdýarlar.
Urşuň başlanmagyndan üç ýylyň geçmegi bilen brigadanyň belli harby serkerdeleriniň käbiri şeýle-de, ýesirlikde galanlaryň garyndaşlary munuň ýeke-täk sebäpdigine indi ynananoklar.
'Başarnyksyzlyk ýa-da ýörite karar?'
Ukrainanyň we Russiýanyň 25-nji maýda 1000 adamlyk alyş-çalşygynyň soňky tapgyryny tamamlandan birnäçe sagat soň, ýörite güýçleriň 12-nji Azow brigadasynyň serkerdesi Denis Prokopenko çalyşylan ýesirleriň arasynda azow söweşijileriniň ýoklugyny "tutuş döwlet üçin masgaraçylyk" diýip atlandyrdy.
"Bu masgaralamak ýaly duýulýar" - diýip, rus ýesirligini başdan geçiren Prokopenko aýtdy. Ol Azow söweşijileriniň gaýdyp gelmegi üçin Russiýanyň ýeke-täk päsgelçilikdigine ynanmaýandygyny aýtdy.
"Eger hakykatdanam şeýle bolan bolsa, ne men, ne-de Azow söweşijileri ýesirlikden gaýdyp gelmezdik" diýip, Prokopenko X-da ýazdy.
Ukrainanyň Azowstal zawodyndan çekilmeginiň üçünji ýyl dönüminde Prokopenko tarapyndan edilen bu ýazgy ýesir alnan we Russiýa tarapyndan saklanýan ukrainleriň ykbaly baradaky aladalary güýçlendirdi.
Muňa jogap edip, uruş ýesirlerini goldamak boýunça utgaşdyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary Andreý Ýusow Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy bilen söhbetdeşlikde "emosional" sözlere teswir bermejekdigini, sebäbi rus ýesirligindäki Azow söweşijileriniň meselesiniň "duýgur we agyryly" bolandygyny aýtdy.
Ýusow Russiýany Azow söweşijilerini Ukrainanyň hökümetine edilýän basyşy ýokarlandyrmak üçin ulanmakda we alyş-çalyş işlerini bilkastlaýyn çylşyrymlaşdyrmakda aýyplady.
Russiýanyň derňewçileri tarapyndan käbir ukrain güýçlerine garşy açylan jenaýat işi muňa mysal bolup biler diýip, utgaşdyryş merkezi ozal mälim edipdi.
"Biziň tussaglarymyz Putiniň elinde .... [Russiýanyň ýörite hyzmatlary] tussag meselesini Ukraina garşy söweş maksady bilen ulanýar" - diýip, Ýusow aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Prokopenko bu meseläniň Ukrainanyň strategiýasyna baglydygyny aýtdy we "işini bes eden mehanizm" diýilýän zady üýtgetmäge çagyrdy.
"Biz alternatiwalary tapmaly we olary şertnamalaýyn esgerlerden has degerli birine teklip etmeli" diýip, ol aýtdy. "Ukraina rus agentlerinden doly, ýörite hyzmatlarymyzyň hemmesi muny gowy bilýär" diýdi.
Ukrain häkimiýetleri soňky tussaglaryň alyş-çalyş sanawlarynyň Ukraina we Russiýa tarapyndan aýratyn döredilendigini we iki ýurduň hem azat etmek isleýän uruş ýesirlerini saýlandygyny aýtdylar.
Azowyň serkerdebaşysynyň orunbasary Swýatoslaw Palamar hem Prokopenkonyň pikirine goşuldy we şeýle çemeleşmäni sorag astyna aldy. Palamar bu alyş-çalyşyň hakykatdanam "köp sanly esger getirendigini" aýtdy, şeýle hem, rus häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk eden käbirleri azat edendigini belledi.
"Bu islegsizlik, başarnyksyzlyk ýa-da aňly kararmy? Biz gepleşik geçirýärismi ýa-da duşmanyň aýdýanlaryny kabul edýärismi?" diýip, Palamar özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.
Kremliň syýasy tussaglarynyň garyndaşlary birleşiginiň aragatnaşyk menejeri Oleksandra Ýefimenko Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ukrain häkimiýetleriniň Azow söweşijileriniň yzyna gaýdyp gelmegi üçin bilkastlaýyn ýol gözlemeýändigine ynanmaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Ýefimenko birleşigiň başlygy Ihor Kotelianets bilen bilelikde resmileri bu meselede has aragatnaşykly we aç-açan bolmaga çagyrdy.
"Eger-de, çalyşykda ileri tutulýan kategoriýalar bolmasa - agyr hassalar, aýallar, garrylar ýa-da uzak wagtlap tussag edilenler ileri tutulmasa - bu çuňňur ynamsyzlygy döredýär" - diýip, Kotelianets ozal Facebook sahypasynda ýazdy.
"Biz Ukrainanyň prezident edarasyny we uruş ýesirlerini bejermek boýunça utgaşdyryş merkezini alyş-çalyş prosesini açmaga we aç-açan geçirmäge çagyrýarys" - diýip, Kotelianets aýtdy.
Rus ýesirliginiň 'dowzahynda'
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan çozuşynda esasan Azow bölüminden bolan ukrain esgerleri Mariupoldaky Azowstal zawodynda birnäçe aýlap goragy sakladylar. Bu ukrain güýçlerine goranyş liniýalaryny taýýarlamaga ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
2022-nji ýylyň maý aýynda, iki aýa golaý dowam eden bomba hüjüminden soň, gabalan Azow söweşijilerine Mariupoly goraýan beýleki harbylar bilen bilelikde ýesirlige tabyn bolmak barada Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý tarapyndan tabşyryldy.
Prokopenko öz ýazgysynda Azow söweşijileriniň bu buýruga boýun bolandyklaryny we şonuň üçin alyş-çalyş üçin ileri tutuljak "anyk hukugynyň" bardygyny aýtdy.
"Bu, kepillik berlenleriň üstünden gülmekdir ... Olar öz islegi bilen däl-de, Ýokary serkerdäniň buýrugy bilen ýesir düşdi."
Zelenskiý buýruk bereninden soň 2500 töweregi esger gorap, söweşen ýerinden zawoddan çykdy. Ukrain goşuny resmi taýdan muny "halas ediş operasiýasy" diýip atlandyrdy.
Soňky üç ýylyň dowamynda Azowstalda ýesirlige tapyn bolan we Russiýa tarapyndan tussag edilen esgerleriň käbirine "terrorçylyk" aýyplamasy bilen türme tussaglygy berildi.
Ukrain resmileriniň habar bermegine görä, ençeme tussag gynaldy we köp sanly adam rus ýesirliginde öldi. Olaryň arasynda basyp alnan Donetsk sebitiniň Oleniwka şäherindäki türmede bolan partlamada ölen 54 ukrain esgeri hem bar.
Azowstaly goraýanlaryň arasynda bolup, soňra Oleniwkada saklanan Azow brigadasynyň wekili Ihor Titowskiý rus ýesirligini "dowzah" bilen deňeşdirdi.
Titowskiý Russiýanyň Rostow we Wolgograd sebitlerindäki türmelerde başdan geçiren ýagdaýlaryny ýatlap, ol ýerde çeken gynamalary suratlandyrdy.
"Üç günläp gaty güýçli sorag etdiler, şol wagt meniň aýaklarymy döwdüler "- diýip, Titowskiý Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda aýtdy. "2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda [çep] aýagymda durup bilmedim."
"Olar kelläme halta dakdylar, ellerimi daňdylar, meni ýere okladylar; [FSB ofiserleriniň ikisi] meniň üstümde oturdylar, elektrik toguny ulandylar we şeýdip, soraglaryny berdiler" - diýip, Titowskiý gürrüň berdi.
Titowskiý 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çalşyldy, ýöne Azowyň harby wekilleriniň ep-esli bölegi henizem Russiýanyň ýesirliginde galýar.
Azow brigadasynyň başga bir ofiseri Kostýantyn Kožekin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde 850 töweregi Azow söweşijisiniň henizem Russiýada saklanýandygyny çaklaýar.
Henizem Russiýada ýesir saklanylýan Azow söweşijisiniň aýaly Anastasiýa Hondul Azatlyk Radiosyna tussaglaryň garyndaşlarynyň “garaňkylykda we umytsyzlykda” ýaşaýandygyny aýtdy.
Ol "sesleriniň eşidiljekdigine söz berilendigine garamazdan" söweşijileriň köpüsiniň henizem boşadylmandygyny aýtdy.
Iň soňky alyş-çalyşdan soň, Ukrainanyň Goranmak ministri Rustem Umerow Ukrainanyň Azowstalyň 33 goragçysynyň beýleki harby bölümlerden boşadylmagyna kepil alyp bilendigini aýtdy.
Ýusow Russiýanyň ýyllar boýy döreden kynçylyklaryna garamazdan, Ukrainanyň Azowstalyň 1,279 goragçysyny, şol sanda Azow brigadasyndan 455-sini yzyna alandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum